Top.Mail.Ru

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

06:1104.04.2024
0
16026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, ýurtda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadag sergide görkezilýän harytlar bilen tanşyp, olaryň hil derejesine möhüm ähmiýet berdi.

Gön we gön önümlerini taýýarlaýan düzümiň ýolbaşçysy häzirki döwürde netijeli işlemek, önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Hünärmen Gahryman Arkadagyň ak pata bermegi bilen, öz esasy işlerinden başga-da, Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda häzirki zaman awtomenzilleriniň gurluşyklaryny amala aşyrandyklaryny guwanç bilen gürrüň berdi.

Hormatly Arkadag hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmalydygyna, şunda aýakgaplaryň hiline, ýaramlylygyna, rahatlygyna möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurtda öndürilýän önümleriň, harytlaryň degişli derejede mahabatlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belläp, bu babatda döwrüň ösen tejribesinden ugur alyp, degişli işleri talabalaýyk guramak babatda sergä gatnaşýan ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergide görkezilýän dürli görnüşli matalary synlady. Sergä gatnaşyjylar öz önümlerini söwda toplumynyň sergisinde görkezmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Gahryman Arkadag häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns berilmelidigini belläp, şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara tejribe alyşmagyň ähmiýetlidigini nygtady.

Bu ýerde dürli görnüşli et we şöhlat önümleri-de görkezilýär. Guş etinden taýýarlanylýan önümler ýokary hilliligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Hünärmen guş etinden dürli görnüşli önümleri taýýarlamagyň aýratynlyklary we önümleriň ýerlenilýän bazarlary barada gürrüň berip, bu işleri ýokary derejede alyp barmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini açyp görkezmek, olaryň netijeli işini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, bu babatda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şol bir wagtyň özünde söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadag täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, önüm ugradylýan bazarlaryň geografiýasynyň giňeldilmegine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň