Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

200-den gowrak kärhana söwda toplumynyň Aşgabatda geçirilýän sergisine gatnaşýar

13:1503.04.2024
0
16426

Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatlyklaryny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirmäge gönükdirilendir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Sergide dürli ugurlarda iş alyp barýan ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän ýokary hilli önümler we hyzmatlar giň görnüşleri görkezilýär.

Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Halk Maslahatyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändigi bellenilýär. «Harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Şu gezekki serginiň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden we eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň