Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine TSTP-niň agzalarynyň 210-dan gowragy gatnaşar

06:4530.03.2024
0
19096

3 - 5-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurduň Söwda toplumynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew bu sergä taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, foruma Söwda toplumyna degişli ministrlikleriň we köp sanly pudaklaýyn düzümleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 210-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergide ýurduň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma we halyçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda gazanýan üstünlikleri görkeziler.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli Modeller öýüniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişini, Söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany sergide ýurduň söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşiniň, dokma senagatynyň gazananlarynyň, milli el halyçylyk sungatynyň önümleriniň, hususy pudagyň ösüş ugurlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň