Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

16:3029.03.2024
0
14168

Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň maslahat zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde sergi guraldy. Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň döreden ajaýyp eserleri hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bilen tanyşdylar.

Şeýle hem sergide Gaznanyň ýardam bermeginde ýerine ýetirilen operasiýalar üçin ulanylýan sarp ediş serişdeleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň öndürýän önümleri, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanan çaýlardyr beýlekiler bilen tanyşdyryldy.

Monitorlarda gaznanyň işi barada gürrüň berýän wideoşekiller we fotosuratlar görkezildi. Ene-atasyndan jyda düşen we aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlar baradaky alada bu Gaznanyň baş maksadydyr.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki günde tutuş dünýäniň Türkmenistana hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurt, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde garaýandygy nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň