Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy

12:0229.03.2024
0
9494
Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy
Surat: iz.ru

Oturymly täze zelandiýaly maori halkynyň Patyşasy Tuheitia Potatau Te Ferofeoro VII deňiz läheňleriniň (kitleriniň) hukuklaryny adamlaryň hukuklary bilen deňleşdirmäge çagyrdy. Bu barada «Voxy» portaly habar berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.

Munuň üçin patyşa «Wakaputanga Moana» (ummany goramak) atly resminama gol çekdi. Onda läheňleriň şahslarynyň bardygy bellenip, olary görnüş hökmünde goramak, kitlere şahsyýet hukuklaryny bermek teklip edilýär.

«Biziň düýpbabamyzyň aýdym sesleri barha ysgyndan gaçýar, onuň ýaşaýan ýeri-de howp astynda, şonuň üçin bize ony goramak üçin hereket etmek gerek» diýip, Patyşa aýtdy.

Tuheitia Potatau Te Ferofeoro VII sözlerine görä, läheňler oturymly halklar bilen garyndaşdyr, olaryň ruhy barlygy we durmuş güýji bar. Şonuň üçin olar islän ýerinde ýüzüp, özboluşly medeniýetini aňladyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň