Amerikaly limon şiresini çalt içmekde rekord goýdy

11:2129.03.2024
0
8748
Amerikaly limon şiresini çalt içmekde rekord goýdy
Surat: iz.ru

ABŞ-nyň Aýdoha ştatyndan Dewid Raş limon şiresini çalt içmekde rekord goýdy we ol munuň üçin Ginnesiň kitabyna girip biler diýip, UPI neşirine salgylanýan «Izwestiýa» habar berýär.

Raş sypaljykda bir litr şiräni 13,64 sekuntda içmegi başardy. Emma mundan soň onuň aşgazany güýçli agyrdy. «Bu gaty bir ýakymly hem däl» diýip, amerikaly boýun aldy.

Raş öň hem şeýle usulda, sypaljyk bilen limon şiresini içmekde tapawutlandy, ol bir litri 16,5 sekuntda içdi. Emma Germaniýadan Andre Ortolf ondan ozdurdy, ol deň möçberdäki limon şiresini 16 sekuntda içdi.

Amerikaly öň hem dürli ugurlarda 250 rekord goýmagy başardy. Onuň limon suwuny içmekdäki üstünligi heniz Ginnesiň kitabynda hasaba alnanok. Eger hasaba alynsa, Raşyň 165 sany dünýä rekordyny goýdugy bolar. Ol geljekde bu sany 183-e ýetirmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň