2023-nji ýyl göçegçiler üçin iň howply ýyl boldy

11:1328.03.2024
0
8878
2023-nji ýyl göçegçiler üçin iň howply ýyl boldy
Surat: sb.by

2023-nji ýyl göçegçiler üçin iň howply ýyl boldy, 8,5 müňden hem köp adam pida boldy. Olaryň 60 göterimi Ortaýer deňzinde heläk boldy. Bu barada Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň maglumatlarynda aýdylýar.

Umumy alnanda, soňky on ýylda bikanun göçegçileriň 60 müňden gowragy ýolda heläk boldy, olaryň köpüsi gapma-garşylyklaryň dowam edýän we garyp ýurtlardandyr.

Bilermenler gözleg-halas ediş işlerini güýçlendirmäge, dereksiz ýitenler barada maglumatlary toplamagy gowulandyrmaga çagyrýarlar, bu öz gezeginde pida bolanlaryň maşgalalaryna kömek etmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň