Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

28-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

09:1328.03.2024
0
8448

Türkmenistanyň Prezidentiniň Änew medeniýeti baradaky täze kitaby üç dilde neşir edildi, Türkmenistanda bilim merkezleriniň diňleýjileriniň arasynda geçirilen daşary ýurt dilleri boýunça olimpiadanyň jemi jemledi, Türkmenistan Osakada geçiriljek «EKSPO – 2025» sergisinde guruljak milli pawilýonyny tanyşdyrdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir etdi. Kitap gadymy Änewiň möhüm wakalaryny we taryhy döwürlerini beýan edýär. Onuň käbir baplary arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar.

2. Türkmenistanyň paýtagtynda gysga möhletli okuwlary guraýan eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli bilim edaralarynyň diňleýjileriniň arasynda geçirilen daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasy tamamlandy. Giň gerimli ýaryş ýurtdaky ähli okuw merkezlerinde 4-nji fewralda badalga aldy we üç tapgyrda geçirildi. Aşgabatdaky D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen jemleýji tapgyryň netijelerine görä, ýeňijileriň sany boýunça olimpiadanyň öňdebaryjysy «Zehin ýoly» hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri boldy. Olar 9 baýraga, şol sanda 2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular.

3. Tokioda geçirilen Türkmen-ýapon işewürlik maslahatynyň çäklerinde Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisinde guruljak Türkmenistanyň milli pawilýonynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Pawilýonyň resmi potratçysy bolan «Belli» hojalyk jemgyýetiniň direktory desganyň daşky keşbi bilen tanyşdyrdy. Onuň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli materiallaryň ulanyljakdygy bellenildi. Pawilýonda Türkmenistanyň milli gymmatlyklary, el halylary, senagat önümleri, ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, milli tagamlar hem-de sowgatyk önümler görkeziler.

4. 31-nji martda «Aşgabat» kinoteatrynda dünýä belli koreý «BTS» toparynyň konsertiniň wideogörkezilişi bolar. Konsert sagat 13: 00-da başlanar. Petekleri kinoteatryň kassasynda satyn alyp bolýar.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri 27-nji martda gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Welaýatda meýdanlary ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda maşyngurluşygynyň dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan tehnikalaryň uly toplumy bar.

6. Türkmenistan Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty 2024-nji ýylyň 30-njy martynda sagat 10-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçiriler. Deputatlary hasaba almak işleri 2024-nji ýylyň 30-njy martynda sagat 9-dan başlar.

Dünýäde

7. Winil plastinkalary gaýtadan galkynyşy başdan geçirýärler. 2023-nji ýylda olaryň ABŞ-daky satuwlary 1987-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ykjam diskleriň satuwyndan öňe geçdi. Amerikanyň ses ýazgy senagaty birleşigi (RIAA) geçen ýyl jemi bahasy 1,4 milliard dollar bolan 43 million winil albomlaryň satylandygyny habar berdi. Bu satuwdan bary-ýogy 537 million dollar girdeji gazanan ykjam disklerden 6 million birlik we 900 million dollar köpdür. Bahasynyň has ýokarydygyna garamazdan, winiliň 17 ýyl bäri meşhurlygynyň barha artýandygyny görmek bolýar. Bilermenler ses ýazgylarynyň fiziki ýygyndylarynyň ýene-de meşhurlyk gazanýandygyny, esasanam audiofilleriň we geçmişi ýatlaýan aýdym-saz söýüjileriniň arasynda meşhurdygyny bellediler.

8. Lion uniwersitetiniň gözlegçileri aýdylyş tizligine esaslanyp, ýedi diliň arasynda deňeşdirme seljermesini geçirdiler. Ýapon diliniň öňdebaryjydygy, ondan soň bolsa ispan, fransuz, italýan, iňlis, nemes we hytaý dilleriniň gelýändigi belli boldy. 2019-njy ýylda geçirilen gözlegde bir bogunda saklanýan maglumat nukdaýnazaryndan, Ýewropadan we Aziýadan 17 dil seljerildi. Ýapon dili iň çalt dil bolsa-da, her bogunda gaty az maglumat saklaýardy. Bu ýapon dilinde gürleýänleriň sözlemleriniň manyly bolmagy üçin çalt gürleýändikleri bilen düşündirilip bilner.

Sport habarlary

9. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaş tansçylaryň çykyşlary üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasy tarapyndan guralan dabara ýurduň 11 tans topary gatnaşdy. Toparlaryň arasynda horeograf Aýna Gurbanowanyň «Boginýa» topary, horeograf Mekan Batyrowyň «Crazy Boys» topary, «Lezginka» topary we beýlekiler çykyş etdiler.

10. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti Dewid Haggerti we Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiý bilen duşuşdy. Myhmanlar döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, HTF-niň we ATF-niň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Döwlet Baştutany hem öz gezeginde, HTF-niň hem-de ATF-niň Türkmenistanda we bütin dünýäde tennis sportuny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardygyny aýtdy we ýurduň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň