Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretary bilen köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdy

06:2728.03.2024
0
6868

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretarynyň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutany jenap Husraw Nozirä maslahata gatnaşmagynyň netijeli bolmagyny hem-de onuň çäklerinde özara bähbitli gepleşikleri geçirmegini arzuw edip, saparyň jemleriniň Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary, şol sanda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ekologiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklara degişlidir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, onuň iberilişini, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligindäki sarp edijilere we üstaşyr geçirijilere iberilmegini ep-esli diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr.

Ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň beýleki bir möhüm ugrudyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ulag-logistika merkezlerini ösdürmäge we olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga uly ähmiýet berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerinden peýdalanyp, Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň