27-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

11:1627.03.2024
0
13122

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkiýedäki wekilhanasy resmi saýtyny işe girizdi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi käbir hukuk namalarynyň hereket edişi barada beýannama bilen çykyş etdi, Owganystan Türkmenistanda harytlaryň ýene bir sergisini geçirmek isleýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň «Turkmenistan Airlines» milli awiakompaniýasy Türkiýede türk dilindäki resmi saýtyny işe girizdi. Täze açylan saýt arkaly Visa, Mastercard we ş.m. töleg ulgamlarynda hereket edýän halkara bank kartlaryny ulanyp, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlaryna petek satyn almak mümkindir.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibine» degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmändigi hakyndaky maglumaty ýaýratdy. Şeýle hem ministrlik Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä hem degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmändigi habar berdi.

3. Owganystanyň Senagat we söwda ministrligi Türkmenistanda owgan harytlarynyň ýene bir sergisini geçirmek isleýändigini mälim etdi. Ministrlik täze ýylda ýurduň içinde we daşary ýurtlarda 30-dan gowrak sergini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini yglan etdi. Ähli sergiler goňşy döwletler we sebitiň beýleki ýurtlary bilen Owganystanyň özara söwdasynyň ösmegine gönükdiriler.

4. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde guralan mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy badalga aldy. Olimpiada gatnaşan daşary ýurtly okuwçylar türkmen halkynyň asylly myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylandy. Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda guralan bu dabara konsert çykyşlary özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

5. Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli daraly çäre geçirildi. Türkmen Hökümetiniň agzalarynyň, türki döwletleriň we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede sungat ussatlarynyň giň gerimli baýramçylyk konserti boldy. Ýaýlada milli däp-dessurlar, oýunlar, tagamlar we at çapyşyklary bilen halk baýramçylygynyň keşbi döredildi.

6. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet goraghanasynda ýabany ösümlikleri oturtmak boýunça köpçülikleýin çäre geçirildi. Bu çäre ösümlik örtügini berkitmek üçin Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Goraghananyň özünde we Bakja derýasynyň boýunda 150-den gowrak pisse, badam we türkmen arçasynyň nahallary oturdyldy.

Dünýäde

7. Golliwudyň filmlerinden ýadygärlik goşlara bagyşlanan auksionda «Titanik» filminiň ahyrynda Keýt Winsletiň janlandyrýan gahrymanynyň halas bolan meşhur gapysy satyldy. Lot 718 müň dollara satyldy, onuň başlangyç bahasy 40 müň dollar möçberinde kesgitlenipdi. Gapydan başga-da, söwdalarda «Şöhle» filmindäki palta, Indiana Jons barada 1984-nji ýyldaky filmden baş gahrymanyň gamçysy, «Möý-adam 3» filminden Tobi Maguaýryň gara eşigi we «Titanik» filminiň ahyryndaky Keýt Winsletiň şifon köýnegi satyldy.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň fubolçylary 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşda öz meýdançalarynda Eýranyň toparyndan 0:1 hasabynda ýeňildiler. Duşuşygyň ýeke-täk goluny birinji ýarymyň goşmaça minudynda hüjümçi Mehdi Tareminiň beren ýardam pasyndan ýerlikli peýdalanan ýarymgoragçy Mehdi Gaýedi geçirdi. Türkmen ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Tähranda geçen duşuşykdan tapawutlylykda, bu gezek toparyň esasy düzüminde üç sany üýtgeşme geçirdi. 4 oýundan soň Eýran 10 utuk bilen «E» toparçada birinji orny eýeleýär. Türkmenistan bolsa 1 utuk bilen 3-nji orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň