Türkmenistan TÜRKSOÝ bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrar

15:5825.03.2024
0
10508

25-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultanbaý Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda beýik şahyr we akyldary Magtymguly Pragynyň eserleriniň, şeýle hem gadymy Änew şäheriniň TÜRKSOÝ we BMG ýaly abraýly halkara guramalaryň nazaryndaky medeni ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Türkmen tarapy guramanyň Baş sekretaryna dabaralara gatnaşýandygy üçin uly minnetdarlyk bildirdi-diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilelikde geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasynyň taýýarlanmagyna kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen tarapy TÜRKSOÝ halkara guramasyna aýratyn minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy berkitmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň