«Iň tygşytly koreýaly zenan» iki ýylda 75 müň dollar toplady

12:0419.03.2024
0
16594
 «Iň tygşytly koreýaly zenan» iki ýylda 75 müň dollar toplady
Surat: gazeta.ru

Günorta Koreýadan Ji Hen Kwak atly zenan iki ýylda 75 müň dollar toplamagy başardy diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

24 ýaşly zenanyň gürrüň bermegine görä, ol aýda iýmite 6 dollar sarp edýär hem-de arzanlaşyk kuponlaryndan peýdalanýar. Onsoňam ol dükandan agyz suwuny satyn almaýar, suwy özi gaýnadyp içýär.

Koreýaly zenan dellekhana gitmeýär, saçyny özi gyrkýar, mugt egin-eşikleri ýörite haýyr-sahawat toplumlaryndan alýar.

Tygşytçyl zenanyň durmuşy köp adamyň ünsüni çekdi, adamlar zenanyň durmuşyny internetden yzarlap, onuň maslahatlaryna eýerýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň