Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Işewürlik-daýjest: 12 – 18-nji mart aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

11:3318.03.2024
0
8477

«Turkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçiriljek işewürlik çäreleri, ýurduň nebitgaz pudagynyň we senagat önümçiliginiň ösüşi, ykdysady özgertmeler hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi barada okap bilersiňiz.

Öňde boljak çäreler

27-nji martda Tokioda Ýürkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçiriler.

Iýun aýynda Wenada Türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisi guralar.

Dekabr aýynda Awstriýanyň işewürler wekiliýeti Türkmenistana geler.

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň tebigy gazy we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä ibermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanda dünýädäki iň iri gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş- baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, şunuň bilen birlikde, gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistan awstriýaly işewürlere Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegine gatnaşmagy teklip etdi. Türkmenistanyň Awstriýanyň kompaniýalaryny gatnaşmaga çagyrýan iri taslamalarynyň ýene bir hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygydyr.

Senagat we gurluşyk

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy. Täze zawod Türkmenistanda gurluşyk üçin zerur bolan sementiň ýokary öndürijilikli, tygşytly we ekologiýa taýdan arassa önümçiligini üpjün eder.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply täze sement zawody ulanmaga berler.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň we «Üznüksiz hyzmat» hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmaklarynda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürýän «Üznüksiz çeşme» hojalyk jemgyýeti dörediler.

Maliýe we ykdysadyýet

«Daýhanbank» fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny işe girizer. Bu ulgam ýurduň raýatlary üçin nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine we töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.

Aşgabat gazna biržasynyň (AGB) Bilim merkezi gyzyklanma bildirýän diňleýjileri «Gymmatly kagyzlar bazary we paýdarlar jemgyýetlerinde dolandyryş» atly gysga möhletli okuwlary geçmäge çagyrýar.

Söwda we hyzmatlar

Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly täze «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy.

Çäreler

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy. Gözden geçirilişe TSTB-niň 200-den gowrak agzasy gatnaşýar. Onuň bilen bir hatarda, işewürlik maslahaty guraldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet-hususy dialogy arkaly Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady integrasiýany pugtalandyrmaga bagyşlanan ilkinji B5+1 görnüşindäki maslahata gatnaşdy.

Ulag we logistika

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» ýurduň telekeçilerini 12 sagatlyk «Telekeçilikde gümrük işleriniň esaslary» atly hünär okuwyny geçmäge çagyrýar.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi uly ösüşe eýe bolup, 2022-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 17% artdy. Ösüş depgini şu ýylda hem saklanýar – 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5% ýokarlandy.

Halkara hyzmatdaşlygy

«Astana» diplomatiýa kluby Türkmenistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan telekeçileri 26 – 29-njy mart aralygynda Ermenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek we ýerli kärhanalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurda iş saparyny amala aşyrmaga çagyrýar.

Türkmenistan we Awstriýa bilelikdäki işewürlik geňeşini döretmegi meýilleşdirýärler. 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüniň açylmagyna garaşylýar.

Türkmenistan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebit taslamasyna goşuldy. Taslamanyň maksady serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek üçin sebitleýin çemeleşmeleri, hususan-da, sanlylaşdyrma ulgamyndaky çemeleşmeleri ösdürmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň