«Turkmenportalyň» nobatdaky hepdelik işewürlik-daýjestinde Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçiriljek işewürlik çäreleri, ýurduň nebitgaz pudagynyň we senagat önümçiliginiň ösüşi, ykdysady özgertmeler hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi barada okap bilersiňiz.
Öňde boljak çäreler
27-nji martda Tokioda Ýürkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçiriler.
Iýun aýynda Wenada Türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisi guralar.
Dekabr aýynda Awstriýanyň işewürler wekiliýeti Türkmenistana geler.
Ýangyç-energetika toplumy
Türkmenistanda dünýädäki iň iri gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş- baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, şunuň bilen birlikde, gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistan awstriýaly işewürlere Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegine gatnaşmagy teklip etdi. Türkmenistanyň Awstriýanyň kompaniýalaryny gatnaşmaga çagyrýan iri taslamalarynyň ýene bir hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygydyr.
Senagat we gurluşyk
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy. Täze zawod Türkmenistanda gurluşyk üçin zerur bolan sementiň ýokary öndürijilikli, tygşytly we ekologiýa taýdan arassa önümçiligini üpjün eder.
Maliýe we ykdysadyýet
«Daýhanbank» fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny işe girizer. Bu ulgam ýurduň raýatlary üçin nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine we töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.
Söwda we hyzmatlar
Çäreler
Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy. Gözden geçirilişe TSTB-niň 200-den gowrak agzasy gatnaşýar. Onuň bilen bir hatarda, işewürlik maslahaty guraldy.
Ulag we logistika
2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi uly ösüşe eýe bolup, 2022-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 17% artdy. Ösüş depgini şu ýylda hem saklanýar – 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5% ýokarlandy.
Halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistan we Awstriýa bilelikdäki işewürlik geňeşini döretmegi meýilleşdirýärler. 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüniň açylmagyna garaşylýar.
Türkmenistan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebit taslamasyna goşuldy. Taslamanyň maksady serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek üçin sebitleýin çemeleşmeleri, hususan-da, sanlylaşdyrma ulgamyndaky çemeleşmeleri ösdürmekden ybaratdyr.