Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Tatarystan Respublikasynyň sport ministri bilen duşuşyk geçirildi

10:4215.03.2024
0
12230

14-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hem-de olara gatnaşmak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň