Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Germaniýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

17:5412.03.2024
0
11775

Düýn, 11-nji martda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly Sebitleýin taslama hakynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Biznes reklama» gazeti habar berdi.

Ähtnama laýyklykda, taraplar Türkmenistanda söwda amallaryny kämilleşdirmek hem-de ýönekeýleşdirmek boýunça bilelikdäki tagallalara ähmiýet bermek, söwdany ösdürmegiň bir ugry hökmünde ähli derejedäki işgärleriň habardarlygynydyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça ylalaşdylar. Şeýle-de Ähtnamada global söwdany, maýa goýumlaryny, maliýe ulgamyny, hususy pudak we raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek üçin amaly çözgütler kabul edildi. Şeýle hem resminama laýyklykda, ykdysady ösüşe gönükdirilen söwda amallaryna ýardam bermek we ýönekeýleşdirmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ylalaşygy gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň