Top.Mail.Ru

Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär

12:3611.03.2024
0
15801
Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär
Surat: ria.ru

Eýranyň, Azerbaýjanyň we Hazar deňziniň üsti bilen türkmen tebigy gazyny türk bazaryna ibermek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar-diýip, «РИА Новости» ýurduň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktaryň sözlerine salgylanyp, habar berdi.

Çeşmede bellenişine görä, ministr «Türkmen gazynyň Türkiýä iberilmeginiň ilkinji ýoly swop arkaly Eýranyň üsti bilen Türkiýä geçirilmeginden ybarat. Beýleki bir ýol onuň Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen alyş-çalyş arkaly Türkiýä gelmegini göz öňünde tutýar. Alternatiwa hökmünde türkmen gazy Türkiýä has berk, has durnukly we geçiriş ukyby ýokary bolan, Hazar deňzinden geçýän turbogeçirijiler arkaly iberilip bilnerdi»-diýdi. Onuň belleýşi ýaly, üpjünçiligiň başlangyç mukdary 2 mlrd kub metre çenli bolup biler.

Ýatlap geçsek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýä amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň