Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurt raýatlarynyň 134-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berler

00:3921.09.2024
0
10193

Daşary ýurt raýatlarynyň 134-siniň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alyndy. Olar dünýäniň 6 döwletiniň raýatlaryndan, 15 milletiň wekillerinden ybarat.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 20-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri boýunça geçirilen işler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamalary bilen, häzirki wagta çenli 5018 daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berlendigi barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bilen bagly resminama hem gol çekdi we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň