Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Owganystana goýan maýa goýumy 1,5 milliard amerikan dollaryndan geçýär

12:5120.09.2024
0
6077
Türkmenistanyň Owganystana goýan maýa goýumy 1,5 milliard amerikan dollaryndan geçýär
Surat: newscentralasia.net

Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan diplomatlar we KHBS-niň wekilleri üçin brifing geçirildi. Onuň dowamynda Owganystandaky infrastruktura taslamalary boýunça işleriň başlamagy bilen baglanyşykly wakalar barada maglumat berildi. Olaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň birinji tapgyry hem bar.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri ýurduň Owganystana goýan maýa goýumynyň möçberiniň 1,5 milliard amerikan dollaryndan geçýändigini mälim etdi diýip, owgan neşirleri ýazýarlar.

R.Meredow Türkmenistanyň Owganystan bilen syýasy, ykdysady, söwda, we ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol bir wagtyň özünde ministr Hindistany, Pakistany, halkara banklary we Aziýanyň Ösüş Bankyny TOPH taslamasyna maýa goýmaga çagyrdy.

Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Fazl Muhammet Saber owgan tarapynyň hem iki ýurduň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýändigini habar berdi diýip, owgan metbugaty ýazýar.

«TOPH, TOP, optiki süýümli aragatnaşyk we demir ýol ulgamlarynyň we ş.m. durmuşa geçirilmegi, aslynda, Owganystan bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasynda uzak wagtlap hoşniýetli goňşuçylyk şertlerinde dörän hakyky dostlugyň we doganlygyň alamatydyr» diýip, Saber belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň