9-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:0909.03.2024
0
7632

Türkmenistan Owganystany suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmaga çagyrdy, Remezan aýynda Türkmenistan üçin agyz beklemek tertibi çap edildi, Türkmenistanyň köp çagaly enelerine «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde suw hojalygy pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapy owgan wekiliýetiniň ünsüni üç möhüm meselä çekdi: serhetüsti derýalardan suw alynmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan we tassyklanan çemeleşmäniň zerurlygy; serhetüsti derýalarda gurulýan gidrotehniki desgalaryň dogry işlemegini üpjün edip biljek ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek; serhetýaka derýalaryň boýunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitlerine halkara hukugy esasynda hormat goýmak.

2. Türkmenistanyň Müftüliginiň habar bermegine görä, ähli musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Oraza aýy şu ýylyň 11-nji martynda başlanyp, 9-njy aprele çenli dowam eder. Agyz beklenmeginiň tamamlanýandygyny aňladýan Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler. Ahlak arassalygyny we ruhy baýlygy alamatlandyrýan Gadyr gijesi 5-6-njy aprel gijesine gabat gelýär. Aşgabat şäheri, Ahal, Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin Oraza aýynda agyz beklenilýän (Gün dogmanka nahar edinmek) we açylýan (agşamlyk nahary) wagtlaryň tertibi «Turkmenportalda» elýeterlidir.

3. Türkmenistanda zenanlaryň 266-syna «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. «Ene mähri» diýen hormatly at 2008-nji ýylda döredildi. Ol sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere dakylýar.

4. 17-19-njy martda Türkmenistanda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreler geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, meýilleşdirilen sergini we maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergide TSTB-niň dürli ugurlarda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler we 16 ýylda gazanan üstünliklerini görkezerler.

5. Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görülýär. Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça esasy baýramçylyk dabaralary 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» geçiriler.

6. Ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistandaky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesi şu ýylyň fewral aýynda döredilen Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berler. Şol paýdarlar jemgyýetleriniň binýadynda süýt önümlerini hem-de ýag öndürýän zawodlary döretmek meýilleşdirilýär.

Dünýäde

7. Adam Sendler 2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan Golliwudyň aktýorlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Ýylyň dowamynda onuň gazanan girdejisi 73 million dollar boldy. Sanawda ikinji orny 59 million dollar gazanan Margo Robbi eýeledi. Bu serişdeleriň köpüsini ol «Barbi», «Asteroidler şäheri» we «Soltbern» filmlerindäki keşpleri üçin gazandy. Tom Kruz ýyllyk 45 million dollar girdejisi bilen ilkinji üçlügi tamamlady. Şolaryň 35 millionyny «Işi ýerine ýetirip bolanok: Ölüm howply hasaplaşyk» filminiň ýedinji bölüminde surata düşendigi üçin aldy.

Sport habarlary

8. «Arkadag» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 2-nji tapgyrynda öz meýdançalarynda Aşgabadyň «Altyn asyryny» 3:0 hasabynda ýeňdiler. «Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümindäki ikinji ýeňşini gazandy we milli çempionatdaky ýeňişsiz seriýasyny 25 oýna ýetirdi. Tapgyryň beýleki oýunlary barada aýtsak, Balkanabat derbisinde «Şagadamdan» «Nebitçiden» 1:2 hasabynda ýeňildi, «Aşgabat» myhmançylykda «Energetikden» ynamly üstün çykdy, «Merw» bolsa Baýramalyda «Ahaldan» 0:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň