Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly alymlar göwnüçökgünlikden halas edýän azyk harytlaryny agzadylar

09:0813.11.2024
0
6818
Hytaýly alymlar göwnüçökgünlikden halas edýän azyk harytlaryny agzadylar
Surat: vfokuse.mail.ru

Nohut we gyzyl noýba psihiki saglygy dikeltmekde peýdalydyr. Olar şeýle-de depressiýadan halas edýärler. Hytaýyň Harbin lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary bu ugurda geçirilen ylmy-barlagyň esasynda şeýle netijä geldiler. Bu barada «Journal of Affective Disorders» (JAD) neşirine salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.

Ady agzalan azyk önümleriniň düzüminde spermidin diýilýän organiki birleşme bedende öýjüklerine oňyn täsir etmek bilen, olaryň uzak ömürliligine we haraplanan düzüm böleklerini aradan aýyrmaga ýardam edýär.

Netijede, adam stressden soňra tiz özüni tutýar, depressiýa ulaşmak töwekgelligi hem azalýar diýlip, ylmy-barlag žurnalynda çap edilen makalada bellenýär.

Ady tutulan spermidin pissede, badamda, kömeleklerde, ysmanakda, brokkolide we reňkli kelemde duş gelýär. Ony şeýle-de ak çörekde, bugdaý sünbülinde, bananda, almada, awokadoda, kiwide we tüwide tapmak mümkin. Bu poliamin bilen bedeni üpjün etmek üçin sygyr, towuk, ördek we hind guşunyň etini hem-de ýumurta iýmeli, süýt içmeli diýip, alymlar nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň