Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda türkmen bazaryna 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümleri import edildi

11:0404.03.2024
0
20867
2023-nji ýylda türkmen bazaryna 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümleri import edildi
Surat: ria.ru

Geçen ýylda Türkmenistan daşary ýurtlardan 6,5 müň tonnadan gowrak kofe we kakao önümlerini import etdi. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda türkmen bazaryna daşary ýurtlardan kofe we kakao önümleriniň 6 müň 555 tonnasy getirilipdir. Import edilen kofeniň agramly bölegi «Nescafe», «Jacobs», «Camel», «MacCoffee», «Hot drops», «Nesquik» haryt nyşanly dünýäniň meşhur kofe we kakao önümleriniň paýyna düşýär.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň sentýabr — dekabr aýlarynda türkmen öndürijisi bolan «Toýly» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Markow» haryt nyşanly kofeleriň 17 665 kilogramynyň daşary ýurtlara eksport edilendigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň