Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

21:3201.03.2024
0
18560

Türkiýede saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadag üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň geçirilýän ýeri bolan «Nest» kongresler merkezine ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.

Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň