Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şan-şöhrata beslenen ýene-de bir ýyly – 2015-nji ýyl hem tamamlanyp barýar.
Geçip barýan ýyl Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhynda, mähriban halkymyzyň durmuşynda şöhratly ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň möhüm wakalary Berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen giň hyzmatdaşlyk edip, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmaga ýardam berýän netijeli gatnaşyklary ösdürýär.
Tamamlanyp barýan ýylda mähriban halkymyzyň durmuşynda, sebitiň we dünýäniň syýasy giňişliginde örän möhüm ähmiýetli wakalar köp boldy. Iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky täze Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Bu taryhy waka Garaşsyz döwletimiziň geçen 20 ýylyň dowamynda Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, halkara giňişliginde alyp baran netijeli işlerine berlen ýokary bahadyr.
Bitaraplyk syýasaty – asudalyk, agzybirlik, parahatçylyk, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatydyr. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir!
Biz Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, mähriban halkymyzyň parahat durmuşyna buýsanjymyzyň nyşany hökmünde 2015-nji ýyly «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan etdik. Berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahatyny, «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirdik. Bu maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly döwlet we hökümet baştutanlary, halkara guramalarynyň wekilleri, görnükli syýasatçylar gatnaşdy. br>
Ata Watanymyz türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem uly goşant goşýar. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň gadymy Mary şäherini 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi mähriban halkymyz üçin buýsançly waka öwrüldi. Daşoguz şäheri bolsa, täze ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Bu çäreler Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär.
Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzda müňlerçe täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi. Ýüzlerçe iri desgalaryň düýbi tutuldy.
Häzirki döwürde hem «Türkmenabat–Farap» demir ýol we awtoulag köprüleri, «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» halkara demir ýoly, Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty, paýtagtymyzdaky halkara howa menzili ýaly örän iri desgalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.
Biz dekabr aýynda asyryň ägirt uly taslamasyna – uzynlygy 1800 kilometrden geçýän «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berdik, şeýle hem «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryna girişdik. Ýaňy-ýakynda bolsa, ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, uzynlygy 800 kilometr bolan «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisini dabaraly açyp, ulanmaga berdik.
2015-nji ýylda Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwaty has-da artdy. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyryldy.
Ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde, oba hojalyk pudagynda hem biz düýpli özgertmeleri amala aşyrýarys. Şoňa görä-de, şu ýyl zähmetsöýer gallaçylarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý tabşyrdy.
Pagtaçy daýhanlarymyz hem «ak altynyň» 1 million 100 müň tonnasyny ýygnap almagy başardy. Dürli miweleriň, ir-imişleriň we gök-bakja ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.
«Döwlet adam üçindir!» diýen şygar bilen amala aşyrýan giň gerimli özgertmeler syýasatymyz mähriban halkymyzyň netijeli zähmet çekmegine, abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirildi.
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek we gözelleşdirmek boýunça 2015-nji ýylda örän köp işler bitirildi. Aşgabat şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, şypahanalar giň gerim bilen guruldy. Sport toplumlary, medeniýet köşkleri, lukmançylyk merkezleri dünýä ölçeglerine laýyklykda bina edildi. Biz paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam ederis.
Ýurdumyzyň saglyk, ylym-bilim ulgamlarynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Biz täze ýylda hem ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ölçegleri esasynda kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp bararys.
Häzirki döwürde ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmek ylmyň gazananlary bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda halk hojalygynyň pudaklaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berýäris.
Geçip barýan ýylda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler amala aşyryldy. Türgenlerimiz halkara sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn we kümüş medallara mynasyp boldy.
Biz 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlary geçirilenden soň, ýurdumyzy dünýäniň sport merkezi hökmünde has belent derejelere çykarmalydyrys. Şoňa görä-de, Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek ugrunda alyp barýan işlerimizi täze ýylda has güýçli depginler bilen dowam etmelidiris.
Şu ýylyň aprel aýynda ilkinji milli emeli hemramyz – «Türkmen Älem 52oE» aragatnaşyk hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Bu bolsa, Bitarap Türkmenistanyň bütin adamzadyň bagtly geljeginiň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy barha giňeldýändigini aýdyň görkezýär.
Geçip barýan ýyl ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde hem uly üstünlikler gazanyldy.
Telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli önümleri, gurýan ajaýyp binalary, bazarlarda harytlaryň bolçulygyny döretmekde bitirýän işleri bizi guwandyrýar.
Biz ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize eýerip, möhüm meseleleri pähim-parasatly ýaşulularymyz bilen maslahatlaşýarys, öňde duran wezipeleri çözmegiň ýollaryny geňeşýäris. Şu ýylyň sentýabr aýynda Balkan welaýatynyň Awaza etrabynda Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçirdik. Maslahat ýurdumyzda milli demokratiýanyň ösýändigini, raýat jemgyýetiniň barha kämilleşýändigini aýdyň görkezdi.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
2015-nji ýylda biz milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça hem giň gerimli işleri amala aşyrdyk.
Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini üstünlikli geçirdik. Bu çäreler ruhy mirasymyzyň hem-de milli medeniýetimiziň baýramy hökmünde halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Biz medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmäge geljekde hem uly üns bereris. Nesip bolsa, Täze ýylda Medeniýet hepdeligini Mary welaýatynda geçireris.
Geçilen bir ýyllyk menzile ser salmak bilen, biz şu ýyl ata Watanymyzda giň gerimli işleriň amala aşyrylandygyny, belent sepgitlere ýetilendigini buýsanç bilen belläp bileris.
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
2016-njy ýyl hem Garaşsyz döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalara baý ýyllaryň biri bolar.
Täze ýylda biziň öňümizde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça belent wezipeler durýar. Nesip bolsa, biz 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçireris. Maslahatda il-ýurt bähbitli örän möhüm maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen bagly wezipeleri kesgitläris.
Her ýylda bolşy ýaly, Täze ýylda hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns bereris. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýene-de köpelderis.
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Täze ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny yglan edenine 25 ýyl dolýar. Ata Watanymyz şu döwürde tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Ähli ugurlar boýunça çalt depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly we abraýly döwletleriň biri hökmünde bütin dünýäde ykrar edildi. Şoňa görä-de, biz Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ýylynda biziň her birimiz janymyzdan eý görýän Türkmenistan Watanymyzy senagat taýdan dünýäniň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmagyň hatyrasyna öňküden-de yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidiris.
Täze – 2016-njy ýylyň ata Watanymyz üçin ösüşleriň, mähriban halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünlikleriň ýyly boljakdygyna berk ynanýaryn!
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Ýene-de az salymdan biz Täze – 2016-njy ýyla gadam basýarys. Goý, Täze ýyl eziz Watanymyz üçin üstünlikli, mähriban halkymyz üçin rysgal-döwletli, bereketli hem-de düşümli ýyl bolsun! Siziň maşgala ojaklaryňyzda Täze ýylda hem agzybirlik, bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün!
Täze 2016-njy ýylyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!
Öňe, öňe, diňe öňe,
jan Watanym, Türkmenistan!
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
22:2801.01.2016
0
10901
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň