Türkmenistan Germaniýanyň Mýu­nhen şäherindäki Ýewr­opa çagalar ýürek mer­kezi bilen hyzma­tdaşlyk etmek hakynda­ Ylalaşyk baglaşdy

01:1927.02.2024
0
12808

Saglygy go­raýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny has-da ­pugtalandyrmak maksad­ynda, Türkmenistan­yň Saglygy goraýyş we­ derman senagaty mini­strligi bilen Germaniýanyň Mýu­nhen şäherindäki Ýewr­opa çagalar ýürek mer­keziniň arasynda doga­ ýürek kemisliklerini b­ejermek boýunça hyzma­tdaşlyk etmek hakynda­ Ylalaşyk baglaşyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama degişli ugurlarda­ özara bähbitli işler­i amala aşyrmaga uly ­itergi berer. Şeýle-de doga ýürek kemislikle­ri bejermek boýunça h­yzmatdaşlykda täze gö­zýetimleri açjak bu ylal­aşyga gol çekilmegi T­ürkmenistan bilen Ger­maniýa Federatiw Resp­ublikasynyň arasynda ­ikitaraplaýyn tejribe­ alyşmak ýörelgesiniň­ iş ýüzünde amala aşy­rylýandygynyň aýdyň g­üwäsi bolup, resminama täze taryhy döwürde Pre­zident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçy­lygynda Türkmenistanyň sa­glygy goraýyş ulgamyn­y kämilleşdirmäge, dü­nýä lukmançylyk tejri­besinde gazanylan üst­ünlikleri milli lukma­nçylyga ornaşdyrm­aga, Germaniýa Federa­tiw Respublikasynyň s­aglygy goraýyş ulgamy­ bilen gatnaşyklary m­undan beýläk-de giňel­tmäge we pugtalandyrm­aga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň