Gökdepe etrabynyň çägindäki mermer we granit işlenilýän zawodyň hünärmenleri ýanwar aýyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu öňdebaryjy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan geçen aýda 652 müň manatlyga golaý önüm öndürildi.
Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 263,8 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada 2,5 müň inedördül metre barabar önüm öndürildi diýlip, habarda bellenilýär.