Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýaly sekiz ýyllap 700 müň otluçöpden Eýfel diňini gurdy

10:4609.02.2024
0
31291

Fransiýaly Rişar Plaud Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin sekiz ýyllap otluçöp dänesinden Eýfel diňini gurdy, emma onuň bu rekordy Ginnesiň kitaby tarapyndan kabul edilmedi. Bu barada «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Rişar meşhur diňiň agaç nusgasyny gurmak üçin 8 ýylyny we 700 müň sany otluçöp dänesini sarp edendigini gürrüň berdi, emma Ginnesiň kitaby onuň arzasyny otluçöpüň başga görnüşini ulanandygy üçin kabul etmedi.

«Talapnamada görkezilişi ýaly, ulanylýan otluçöp işewürlik babatda elýeterli bolmaly. Olar meniň ulanan otluçöpüm satuwda ýok diýen netijä gelipdirler» diýip, fransiýaly gürrüň berýär.

Emma muňa garamazdan, internetde onuň döreden täsinligi barada öwgüli sözleri aýdýanlar köp, olar fransiýala Eýfel diňiniň otluçöpden ajaýyp nusgasyny ýasandygy üçin hoş sözlerini gysganmaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň