Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek» önümçilik birleşiginde 14 million manatdan gowrak önüm öndürildi

15:0010.05.2024
0
7760

Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşigi öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu ýerde geçen 2023-nji ýylda 26 million 76 müň manatlyk önüm öndürilen bolsa, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda eýýäm bu görkeziji 14 million manatdan geçdi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Geçen döwürde nah matalaryň 2127 müň metri, ýüpek matalaryň 9 müň metri, çig ýüpegiň hem 16 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi diýlip, habarda bellenilýär.
2022-nji ýylda bolsa birleşigiň pile kelepleýji önümçiliginiň enjamlary doly täzelenilip, oňa pile kelepleýji häzirkizaman enjamlary oturdylýar. Häzirki wagtda «Ýüpek» önümçilik birleşigi üç bölümden, ýagny, egirme-dokma, pile kelepleýji we reňk-boýag önümçiliklerinden ybaratdyr.

Täze ýokary tehnologik güýje eýe bolan birleşikde häzirki günlerde nah we ýüpek ýüplüklerinden dürli görnüşli matalardyr ýaglyklar, ýüpek halylary we ýokary hilli ýüpek sapagy öndürilýär.

Bu kärhana ilkinji gezek 1931-nji ýylda ýüpek egirýän önümçilik hökmünde işe girizildi. Ilkinji önümçilik ýylynda bu ýerde çig ýüpegiň 15,1 tonnasy öndürilipdir. Soňra birleşigiň önümçiligi ýylsaýyn kämilleşdirilip, 1967-nji ýylda bu önümçilikde emeli ýüplükden «Saryja» matasy öndürilýär. Şol ýyl kärhananyň önümçiligine Ýaponiýanyň «KIOTO» firmasynyň gaýnagda matany ýuwýan desgasy, şeýle-de matany guradýan we inini saklaýan enjamlary, Fransiýanyň «Sakm» firmasynyň matanyň ýüzüne gül basýan desgasy we Germaniýanyň «Teksima» firmasynyň bug gyzgyny bilen matanyň gül nagşyny we reňkini berkidýän desgalary ornaşdyrylyp, 1968-nji ýylda ilkinji gezek boýag önümçiligi işe girizilýär. 1995-nji ýylda bolsa «Ýüpek» önümçilik birleşigi döredilip, 1997-nji ýylda arassa ýüpekden haly dokamaklyk ýola goýulýar. Iki ýyldan soň bu ýerde pile kelepleýän önümçilik bölümi işe başlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň