Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy

12:5810.05.2024
0
8327

9-njy maýda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda “Senagatbank” topary “Deňizçiden” 3:1 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Köpetdag” “Migrasiýany” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. TNGIZT topary bilen “Turanyň” arasynda geçirilen duşuşykda hasap açylmady.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 12 utuk toplan “Senagatbank” ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçdi. Ikinji, üçünji orunlarda “Deňizçi” (9 utuk) bilen “Köpetdag” (7 utuk) toparlary ornaşdylar.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň nobatdaky üç tapgyry Balkan welaýatynda geçiriler.

Dördünji tapgyryň duşuşyklary:

“Deňizçi” – “Senagatbank” – 1:3

Gollar: 4 Kirill Çaryýew (“Deňizçi”) – 10 Mekan Haýytmuhammedow, 12 Röwşen Orazmuhammedow, 18 Myrat Onjaýew (“Senagatbank”)

Duýduryşlar: 33 Daniil Pançenko (“Deňizçi”) – 12 Hydyr Nurnyýazow (“Senagatbank”)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

“Turan” – TNGIZT – 0:0

Duýduryşlar: 9 Myrat Nepesow (baş tälimçi), 39 Sapargeldi Mätiýew (“Turan”)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” – “Migrasiýa” – 3:1

Gollar: 7, 12 Kerwen Annaorazow, 37 Gurbangeldi Sähedow (“Köpetdag”) - 27 Täçmämmet Dynnyýew (“Migrasiýa)

Duýduryşlar: 9 Orazgeldi Seýidow, 40 Ysmaýylmuhammet Öwekow (“Migrasiýa)

Geçirilen ýeri: Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumy (Aşgabat ş.)

Ýaryş tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Senagatbank» 4 4 0 0 12-5 12
2. «Deňizçi» 4 3 0 1 24-7 9
3. «Köpetdag» 4 2 1 1 12-9 7
4. «Migrasiýa» 4 1 0 3 6-18 3
5. TNGIZT 4 0 2 2 5-7 2
6. «Turan» 4 0 1 3 6-19 1
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň