Soňky habarlar

Arhiw

Antalýada jahankeşdelik möwsümi gyzgalaňly badalga aldy

11:5510.05.2024
0
8318
Antalýada jahankeşdelik möwsümi gyzgalaňly badalga aldy
Surat: news.ru

Türkiýäniň Antalýasynda jahankeşdelik möwsümi rekord derejedäki jahankeşdeleriň sany bilen başlandy, dört aýda oňa 2 milliondan gowrak jahankeşde bardy diýip, «Hurriyet» neşirine salgylanýan «News.ru» habar berýär.

Ortaýer otelçileriniň we jahankeşdelik operatorlarynyň assosiasiýasynyň çaklamalaryna görä, üstümizdäki ýylda Antalýada 17 milliondan gowrak daşary ýurtly jahankeşdeleri kabul etmäge garaşýarlar.

Geçen 2023-nji ýylda bu meşhur jahankeşdelik mekanynda 15,7 million daşary ýurtly dynç aldy, bu 2019-njy ýyldaky rekord görkezijiden 2,7 göterim köpdür. Olaryň 3,5 milliony Russiýadan baranlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň