Soňky habarlar

Arhiw

Gündogar sebitde senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň möçberi 7168,2 million manada barabar boldy

15:3610.05.2024
0
8401

Ýanwar —aprel aýlarynda Lebap welaýatynyň senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 7168,2 million manada barabar boldy. Bu möhüm görkeziji döwlete dahylly bölekde 2097,1 million manada ýetdi diýlip, welaýat neşirinde habar berildi.

Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Gazanylan üstünlikde ýurduň ýangyç-energetika, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalarynyň paýlary yzygiderli ýokarlanýar.

2024-nji ýylyň geçen döwründe welaýatdaky senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2054,5 million manada barabar boldy. Şol harytlyk önümleriň 61,4 göterimi eksporta ugradyldy.

Hasabat döwründe öndürilen sarp ediş harytlarynyň möçberi 1165,3 million manatlyga ýetdi. Şonça önümiň 294,5 million manatlygy döwlete dahylly kärhanalara degişli boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň