Türkmenistanyň ýygyndysynyň 23 ýaşly goragçysy Wepa Jumaýew Belarusyň «Witebsk» toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.
«Wepa Jumaýew — «Witebskiň» oýunçysy. Ol geçen möwsümde paýtagtyň «energetik» toparynda oýnady. Wepa Jumaýew geçen möwsümde çemponatyň ähli duşuşyklaryna gatnaşyp, 2 gol we bir golly pas bilen tapawutlandy» diýlip, habarda bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, Wepa Jumaýew profeesional karýerasynyň dowamynda «Köpetdag», (Aşgabat) «Lokomotiw», «Energetik-BGU» (ikisi hem Belarus) ýaly toparlarda çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem agzasy hasaplanýar.