Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisiň gün tertibi boýunça Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, Gurbanguly hajy metjidiniň baş ymamy, Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Myradowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna kabul etmek; Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek we onuň ähmiýetini halk köpçüliginiň, jemgyýetçilik wekilleriniň, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri; şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň jemgyýetçilik bilen bilelikde ýerlerde alyp barýan işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylykdan ugur almalydyklary, şol sanda howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýýar bolmalydyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap almalydyklary bellenildi.
Mejlisiň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.