Turkmenportal logo
26.11.24
1472014720
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 10-njy Bütindünýä Halal sammitine we sergisine gatnaşar
Türkmenistan 10-njy Bütindünýä Halal sammitine we sergisine gatnaşar

2024-nji ýylyň 27 — 30-njy noýabry aralygynda Stambulda 10-njy Bütindünýä Halal sammiti geçiriler. Oňa Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşar. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.


Bu çäräniň çäginde B2B ýarmarkasy hem geçiriler, bu ýerde Türkmenistanyň kärhanalary dünýäniň dürli künjeklerinden degişli pudaklara wekilçilik edýän 500 alyjy bilen göni gepleşik geçirip bilerler.



Habarda bellenilişi ýaly, sammitiň we serginiň, takmynan, 40 müň myhmany özüne çekmegine garaşylýar. Sergide baglaşylan B2B şertnamalary kompaniýalara halal pudagynda paýyny artdyrmak üçin mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.


Sergi 25-den gowrak ýurtdan halal önümler pudagynyň wekillerini bir ýere jemlär.