Rumyniýada geçýän Prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär Kelin Jorjesku birinji tapgyrda öňdäki orna çykdy, ýekşenbede geçen saýlawlarda ol 22,93 göterim ses aldy diýip, ýurduň Merkezi saýlaw edarasyna salgylanýan Rumyn teleýaýlymy habar berdi.
Ikinji orny saýlawçylaryň 19,16 göteriminiň goldawy bilen häzirki Premýer-ministr, Sosial-demokratik partiýadan bolan Marçel Çolaku eýeledi. Çolaku «Rumyniýany halas etmek bileleşigi» liberal-konserwatorlar partiýasyndan dalaşgär Ýelena Laskoniden (sesleriň 19,13 göterimi) biraz öňe saýlanmagy başardy.
Çolaku we Jorjesku indi 8-nji dekabrda bellenen ikinji tapgyrda bäsleşerler.
Şol bir wagtda garaşsyz dalaşgär Jorjeskunyň saýlawlarda öňe saýlanmagy köpleri geň galdyrýar, sebäbi saýlawlarda soňky minuda çenli esasy dalaşgärler Çolaku bilen Laskoni bolar diýlip hasaplanýardy.
Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.