Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan-Şweýsariýa: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

14:3325.01.2024
0
22364

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M. Gurdowyň duşuşygy boldy. Bu barada TSSE-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliň Aşgabada saparynyň çäklerinde guralan bu duşuşyk ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen guraldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze çözgütleri we çemeleşmeleri hem-de söwda-ykdysady düzümlerde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň hilini täze derejä çykarmagyň hem-de bilelikdäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň