Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Italiýa ulag infrastrukturasyny döretmekdäki maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

14:1725.01.2024
0
34000

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň infrastruktura we ulag ministriniň orunbasary Edoardo Riksi, RFI (FS Topary) kompaniýasynyň prezidenti Dario Lo Bosco we baş direktory Žanpero Strisiuglio bilen duşuşdy. Bu barada «Teleborsa» habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýändigini göz öňünde tutup, ýurtda infrastruktura taslamalaryny taslamak we durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň gurmagy meýilleşdirýän ýokary tizlikli demirýol ulgamyny döretmekde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýol gurluşygy, ýük daşamak we logistika maýa goýumlary boýunça hem pikir alşyldy.

Çeşmäniň habaryna görä, taraplar ilkinji duşuşykda gozgalan meseleleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin ýene duşuşmagy meýilleşdirýärler.

FS topary — Italiýanyň döwlet eýeçiligindäki demir ýol kompaniýasy bolup, demir ýollaryň dizaýnyna, gurluşygyna we işleýşine, şeýle hem ýolagçy we ýük daşalşy boýunça iş alyp barýar.

RFI — demir ýol infrastrukturasyny gurmak, işlemek we hyzmat etmek bilen meşgullanýan Italiýanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň