Fransiýanyň Lion şäherindäki kafeler, ofisler we beýleki jemgyýetçilik guramalary köçe yzarlamalaryna sezewar bolan zenanlara kömek berýän «Anjelany sora» ulgamyna goşular. Bu barada euro-pulse.ru web saýty habar berýär.
Özüni howp astynda duýýan köçe yzarlamalarynyň pidalary bolan adamlar köpçülik ýerlerine baryp, toslanan işgäri — Anjelany sorap bilerler. Bu ýerdäki işgärler bolsa parol sözüni eşidenlerinden soň, ol adama öýüne howpsuz aşmaga kömek ederler.
«Anjelany sora» gorag ulgamy ilkinji gezek 2016-njy ýylda Angliýada işe girizildi.
«Anjelany sora» ulgamyna goşulýan jemgyýetçilik edaralarynda maglumat bellikleri we afişalar ýerleşdiriler, işgärler bolsa munuň üçin köçe yzarlamalaryna sezewar bolýan adamlara kömek etmek üçin tälim alarlar.