Top.Mail.Ru

«Asman» modalar öýi Pariždäki «Oriental Fashion Show-da» kolleksiýasyny tanyşdyrdy

09:4722.01.2024
0
28341

«Asman» türkmen modalar öýi Parižde geçýän Gündogar moda şowunda «Zenan» ady bilen täze kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Bu barada «Turkmenportal» web saýtyna «Asman» modalar öýüni esaslandyryjy Orazmyradowa Mähri habar berdi.

«Zenan» kolleksiýasy häzirki zaman türkmen stiliniň milli lybaslaryň elementleri bilen sazlaşykly utgaşmasydyr. Lybaslaryň ählisi tebigy matalardan we el keşdesi bilen ýerine ýetirilen.

10 dürli açyk hem ýatdan çykmajak keşpleri döretmek üçin kolleksiýanyň dizaýneri Myrat Amanow gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl hem-de gara reňkleri özboluşly äheňde ulandy.

Ýeri gelende bellesek, bu «Asman» kolleksiýasynyň daşary ýurtlardaky ilkinji görkezilişi däldir. Türkmen modalar öýüniň lybaslary mundan ozal BAE-de geçirilen «Expo Dubai 2020» Bütindünýä sergisinde hem görkezildi.

«Oriental Fashion Show» — diňe bir moda sergisi bolman, eýsem Gündogar medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen medeni taslamadyr. Bu şow her ýylda modanyň watany bolan Parižde geçirilýär. Ol Gündogar modasynyň ýokary hiline we özboluşlylygyna ýokary baha berýän moda pudagynyň dünýäniň ähli ýerlerindäki wekilleriniň ünsüni özüne çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň