Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

04:2418.01.2024
0
27864

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu saparynyň türkmen kärdeşleri bilen netijeli gepleşikleri geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we geljegini maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow özara gyzyklanma bildirilýän köptaraply hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirip, sebit derejesinde «Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary», «Merkezi Aziýada oýlap tapyjy ýaşlar üçin dialog we hereket» atly taslamalaryň, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek maksatnamasynyň, Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň köp sanly pudaklarynda, nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýa ugurlarynda iş alyp barýandygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda esasy ugurlary we bar bolan köp sanly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu forumy şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýussel şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini belläp, Türkmenistanyň bu forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, onuň netijeleriniň Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän Hazarüsti ulag geçelgesiniň multimodal, häzirki zaman, durnukly we tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti netijeli duşuşyk üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda täzeçil çemeleşmeleri amala aşyrmagynyň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň