Mary şäherindäki Amerikan burçy öz salgysyny üýtgetdi. Amerikan burçunyň täze salgysy Mary şäheriniň Gorkut ata köçesiniň 5-nji jaýy, ýagny «Assa-ýuwaş» işewürlik merkezidir. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy özüniň Instagram sahypasynda habar berdi.
Mary şäherindäki Amerikan burçunyň täze binasynyň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow hem gatnaşdy. Ilçi Mary welaýatynyň häkimliginiň wekilleri, şeýle-de Mary şäherindäki Amerikan burçunyň direktory bilen bilelikde toý bagyny kesdi.
Ýeri gelende bellesek, ABŞ-nyň taryhy, jemgyýeti, bilim ulgamy we medeniýeti barada maglumatlary berýän, iňlis dilini öwretmek boýunça dürli sapaklary guraýan Amerikan burçlary Türkmenistanyň Mary, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde hereket edýär. Aşgabat şäherinde bolsa Amerikan merkezi bar.