Türkmenistan Moskwa sebitine pomidor eksportyny artdyrýar

11:5916.01.2024
0
24388

Türkmenistandan Moskwa sebitine ter pomidorlaryň iberilişi artýar. «Big Asia» neşiriniň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň başyndan bäri sebite 2 müň tonnadan gowrak önüm eksport edildi.

Türkmenistanda öndürilen pomidorlar ýüklenilen 116 ýük awtoulagyna fitosanitar gözegçiliginiň amala aşyrylandygy, onuň netijelerine laýyklykda, hünärmenleriň önümleriň ähli karantin talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklandygy bellenilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan Russiýany ter pomidorlar bilen esasy üpjün edijileriň biri bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistanda öndürilen pomidorlar Gazagystana, Gyrgyzystana we Owganystana eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň