Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Giňdere»: hem türkmen, hem daşary ýurt bazarynda islegli izogam önümleri

17:3320.06.2024
0
886

«Giňdere» hususy kärhanasy GD-3000 haryt nyşanly ýokary hil aýratynlygyna eýe bolan, degişli önümçilik pudagynda iň bir isleg bildirilýän izogam önümlerini hödürleýär.

Bu önümler ýurduň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk taslamalary bilen birlikde, daşary ýurtlaryň sarp edijileri tarapyndan hem giňden ulanylýar. Çünki kärhananyň bu ugurda ilkinjileriň hatarynda izogam önümlerini ýokary hil derejesinde öndürmegi özleşdirmegi baý tejribe toplamagyna getirdi. Şunuň bilen birlikde hem, bu önümleriň hiliniň türkmen kärhanasynyň önümçiliginde tapawutlanmagy ýerli çig malyň ýokary mümkinçiliklere eýe bolmagy bilen baglydyr. Bu bolsa olaryň izogam önümleriniň bahasynyň amatly bolmagyny üpjün edýär.

Rulon görnüşli bitumly örtgi we gidroizolýasiýa materialy bolan GD-3000 önümi bitumdan, polimer modifikatordan hem-de dolduryjydan durýan bitum-polimer birikdirijisiniň esasynyň polýestere ikitaraplaýyn çalynmagy arkaly alynýar. «Giňdere» kärhanasy önümleriniň uzak möhlete hyzmat etmegini göz öňünde tutup, olaryň öndürilmegine ýokary gözegçiligi amala aşyrýar. Şol sebäpden hem bu izogamlar ýokary berklige, kadaly galyňlyga eýe bolup, hiç hili çyglylygy geçirmeýär.

Kärhanada izogamlar — 3mm, 4mm, 5mm ýaly dürli galyňlykda öndürilýär. Önümleriň galyňlygyna görä, gyzgyna durnuklylygy 110C, 120C hem-de 130C, sowuklyga çydamlylygy bolsa -5C, -10C, -20C derejeden pes däldir. Izogamlaryň inedördül metr ölçeginiň agramy bolsa 3,6/3,8 kg deň bolýar. Olaryň ini 1 metre, uzynlygy bolsa 10 metre barabardyr.

«Biziň izogam önümimiz diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem daşary ýurtlarda hem binalaryň, desgalaryň we gurluşyk gurnamalarynyň üstüni örtmek hem-de gidroizolýasiýa maksady bilen eýýäm birnäçe ýyllardan bäri uly isleg bilen peýdalanylyp gelýär. Türkmenistanda öňdebaryjylaryň biri hökmünde kärhanamyzyň önümleri köp mukdarda satyn alynýar» diýip, kärhananyň hünärmeni belleýär.

Ýeri gelende bellesek, izogam önümlerini uzak möhlet üçin saklamagyň özboluşly şertlerine eýermek zerurdyr. Has takygy, bu önümleri howanyň kadaly derejesinde, hatarlaýyn, dikligine görnüşde ýygnap goýmalydyr. Olary gyzdyryjy ýa sowadyjy enjamlardan 1 metr araçäk daşlykda saklamak has ýerlikli bolar.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň