Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hasar» köp görnüşli önümleri elýeterli bahalardan ýetirýärф

17:4017.07.2024
0
2801

Türkmenistanyň azyk önümçilik pudagynda, hususan-da, konditer önümleriniň önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Hasar» hojalyk jemgyýeti müşderilere konditer we süýjülik önümleriniň köpdürli görnüşlerini amatly bahalardan hödürleýär.

«Hasar» HJ eýýäm uzak ýyllaryň dowamynda türkmen azyk önümçilik bazarynda hemmeler tarapyndan bilinýän, tagamy bilen köpleriň gündelik sarp edýän önümlerine öwrülen harytlary hödürläp gelýär. Bu günki günde bolsa «Hasar»-yň önümleriniň assortimenti has-da giň gerime eýe bolýar.

Kärhana 2000-nji ýyldan bäri içerki bazarda hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde datly konditer önümleri giň meşhurlyk gazandy. Bu ýerde şokoladly, dürli huruşly süýjüleriň köp sanly görnüşleri, alma, limon, erik tagamly dürli reňkli marmeladlar, kak huruşly süýjüler, şeýle hem birnäçe dürli wafliler we kökeler alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar.

«Hasar»-yň önümleri Türkmenistanyň ähli sebitlerine örän gysga wagtyň dowamynda ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde hem, kärhana köp ýyllardan bäri Owganystan, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Pakistan, Hytaý, Gyrgyzystan, Eýran, Gazagystan, Gruziýa, Azerbaýjan, Kuweýt ýaly ýurtlara önümlerini eksport edip gelýär. Bu türkmen önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanmagynyň esasy sebäbi bolsa ýokary hil derejesi bilen olaryň amatly bahasynyň kybap gelýändigi bilen baglydyr. Çünki önümleriň hili halkara ülňülerine laýyk gelýändigi bilen tassyklanandyr.

Kärhananyň elýeterli önümlerini bölekleýin, şeýle-de lomaý görnüşinde islendik möçberde sargyt etmek bolýar. «Hasar» müşderileriň isleglerini hemişe ilkinji orunda goýmak bilen, olaryň önümlerden hoşal bolmagyna uly ähmiýet berýär.

Habarlaşmak üçin:

• telefon belgisi: +99312743616;
• elektron poçtasynyň salgysy: info@hasar.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň