Top.Mail.Ru

Dizaýnerler «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany üçin 172 sany nusga taýýarladylar

12:2113.01.2024
0
35671

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşige dizaýnerler tarapyndan 172 sany nusga hödürlenildi. Bu barada Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasyna gaýtadan seretmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda habar berildi.

Bäsleşik boýunça hödürlenen 172 sany nyşanyň şekillerinden 5 sanysy saýlanyp alyndy we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli diýen netijä gelindi.

Şeýle hem Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasy boýunça gelip gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olary Düzgünnamanyň taslamasyna girizmek barada ylalaşyldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşanyny döretmek boýunça işler «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň