Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply telekeçiler önümlerini daşary ýurtlara eksport edýärler

10:1411.01.2024
0
15794

2022-nji ýylyň dowamynda lebaply telekeçileriň eksporta ugradan önümleriniň umumy bahasy 11 million 197,5 müň dollara golaý boldy. 2023-nji ýylda hem lebaply işewürler dünýä bazarlaryna ynamly we işjeň aralaşyp, has ýokary sepgitleri eýelediler. Dürli önümleriň, şol sanda azyklyk önümleriň daşary ýurtlara eksporty yzygiderli artýar diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

Russiýa, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Özbegistan ýaly döwletler lebaply telekeçileriň esasy eksport edýän ýurtlary hökmünde özara ykdysady gatnaşyklaryny berkidýärler. Lebap welaýatynda baý iş tejribelerini toplan «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam», «Altyn gül» ýaly hususy kärhanalaryň, «Ahmet-Haýdar», «Bäşnur» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň onlarçasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynda ýetişdiren azyklyk önümleri daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. Welaýat boýunça pamyk öndürýän «Gaýrat», akkumulýator batareýasyny öndürýän «Kökçi», çig ýag turşulygyny öndürýän «Döwrebap iş» hususy kärhanalarynyň hem daşary döwletlere çykarýan önümleriniň mukdarynyň barha artýandygyny bellemek möhümdir.

Makalada bellenilmegine görä, hususy kärhanalaryň taýýarlaýan senagat önümleri hem eksportyň uly bölegini düzýär. Aýratyn-da telekeçiler öz öndürýän gurluşyk serişdeleri, beýleki dürli görnüşli önümleri bilen dünýä bazaryna üstünlikli çykýarlar. Izogam, suýuk bitum mastikasy, kendir görnüşli watin, kendir ýüpi, polietilen turbalar, haltalyk matalar ýaly senagat harytlary Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň bazarlarynda has-da geçginli hasaplanylýar.

2023-nji ýylda senagat harytlaryny öndürýän kiçi kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy telekeçileriň 16-sy daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýup, dünýä bazarlaryndaky orunlaryny ynamly berkitdiler. 2024-nji ýylda hem olaryň sanynyň artmagyna garaşylýar diýlip, makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň