Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan: Sport»: Angliýanyň liga kubogynda «Liwerpul» «Fulhemi» kabul eder

16:5010.01.2024
0
23729

«Liwerpul» bilen «Fulhem» 10-njy ýanwardan 11-nji ýanwara geçilýän gijede Angliýanyň liga kubogynyň ýarymfinalynyň çäginde duşuşarlar. Bu duşuşyk «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Düzüminde güýçli futbolçylaryň käbiriniň ýokdugyna garamazdan, «Liwerpul» bu duşuşygyň ýeňşe has ýakyn tarapy. Ýurgen Kloppyň topary soňky oýunlaryny üstünlikli geçirip, Premýer-ligada hem birinji orna göterildi. «Gyzyllar» ýakyn hepdelerde Angliýanyň kubogynda «Arsenaly» 2:0, Premýer-ligada bolsa «Nýukasl Ýunaýtedi» 4:2 hasabynda ýeňipdiler.

Ýöne «Fulhemiň» hem soňky duşuşyklaryny üstünlikli geçirýändigini bellemek gerek. Marko Silwanyň şägirtleri soňky duşuşyklarynda iki ýeňiş gazanyp, bir oýunda-da deňme-deň oýnadylar. Angliýanyň kubogynda «Roterdam Ýunaýtedi» 1:0 hasabynda utan topar Premýer-ligada «Arsenaldan» 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda «Çelsi» myhmançylykda «Midlsbrodan» asgyn geldi. Sişenbe güni Midlsbro şäherinde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 37-nji minutda Heýden Hakni geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň