«Eýran Yslam Respublikasynyň demirýollary» (RAI) Türkmenistana we Russiýa bergilerini üzdi. Bu barada «Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollary» guramasynyň başlygy Miad Salehi mälim etdi.
Halkara habarlar merkeziniň Russiýanyň IRAN.ru habarlar gullugyna salgylanyp, ýazmagyna görä, Eýranyň Demirgazyk-Günbatar demirýollarynyň dolandyryş geňeşiniň mejlisinde Miad Salehi Russiýa we Türkmenistana 10 ýyldan gowrak wagt bäri tölenmedik halkara demirýollary boýunça bergileriň tölenendigini aýtdy.
Mundan başga-da, Miad Salehi käbir içerki kompaniýalaryň «Eýran Yslam Respublikasynyň demirýollary» kompaniýasyna bergileriniň 7 ýyldan gowrak wagt bäri tölemändigine we guramanyň dowamly ösdürilmegi üçin degişli bergileriň üzülmelidigine ünsi çekdi.