Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçen ýylda basketbolda gazanylan üstünlikleriň jemleri jemlendi

18:3909.01.2024
0
17894

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy Aşgabatda geçirilen maslahat bilen 2023-nji ýylda ýurtda basketboluň ösdürilmegi üçin geçirilen işleriň jemlerini jemledi.

Maslahata basketboluň Türkmenistandaky tejribeli wekilleri, milli ýygyndynyň agzalary, tälimçiler, eminler we federasiýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Edilen çykyşlarda 2023-nji ýylyň türkmen basketboly üçin düşümli ýyllaryň biri bolandygy nygtaldy. Milli ýygyndylar halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, Türkmenistanyň FIBA-nyň reýtinglerinde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmagy başardylar. Bellenilmeli ýakymly ýagdaýlaryň ýene biri hem ýurtda basketbol bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýanlygydyr.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Wagif Mämmedowyň «Saýlap alan sport ýolum» atly awtobiografiki kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi.

Geçen ýylyň netijeleri boýunça Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary Türkmenistanyň iň gowy basketbol topary hökmünde ykrar edildi. Iň güýçli basketbolçylar hökmünde Zyba Kadyrowa, Jennet Hajymämmedowa, Merdan Hojamedow we Döwlet Narmyradow dagylar görkezildi. Bagtyýar Ibragimowa bolsa iň gowy emin üçin niýetlenen baýrak berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň