Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Annaguly Myratdurdyýew diňleýjilerine täze albomyny sowgat etdi

15:0030.12.2023
0
58892

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew öz diňleýjilerini begendirdi. Ol soňky wagtda döreden aýdymlaryny täze albomyna ýerleşdirip, diňleýjilere ýetirdi.

A.Myradurdyýewiň «Zary» diýen liriki at berlen täze aýdymlar çemeninde «Zary», «Janym sen», «Saňa döneýin», «Melegim», «Owadan Nurana», «Söýgi-söýgi», «Ýok», «Leýlim-leý», «Diýe-diýe», «Buz ýürek», «Aýlar», «Gerek däl», «Maýajan», «Diý maňa», «Unudaýma» atly 15 sany aýdym bar. Häzirki wagtda halypa aýdymçynyň aýdymlary türkmen diňleýjileriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. A.Myratdurdyýewiň täze albomynda Mähri Pirgulyýewa hem-de Güljahan Beknazarowa ýaly bagyşlar bilen bilelikde ýerine ýetirilen aýdymlar hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň